Ýüze çykarylan iň ýaş planeta Ýupiterden birnäçe esse uly boldy

Ýüze çykarylan iň ýaş planeta Ýupiterden birnäçe esse uly boldy

Manoadaky Gawaýi uniwersitetiniň astronomlary iň ýaş planetalaryň birini tapdylar. Ol uzakdaky ýyldyzyň daşyndan aýlanýar. Bu barada “Monthly Notices of the Royal Astronomical Society” žurnalynda neşir edilen makalada aýdylýar diýip, mir24.tv habar berýär.

Ýagny, 2018-nji ýylda Mauna-Kea wulkanynda ýerleşdirilen Subaru teleskopynyň kömegi bilen 2M0437b ekzoplanetasy ilkinji gezek ýüze çykaryldy. Netijede, astronomlar üç ýyllap asman jisiminiň hereketini öwrendiler we onuň, hakykatdanam, ýyldyzyň daşyndan aýlanýandygyny, şeýle-de has uzakdaky kosmos obýekti däldigini anykladylar.

Mundan başga-da, 2M0437b-niň Ýupiterden birnäçe esse uludygy we onuň ýyldyzy bilen bilelikde bary-ýogy birnäçe million ýyl mundan ozal emele gelendigi anyklandy. Şol sebäpli bu planetada emele geliş wagtynda goýberilen ýylylyk heniz hem saklanýar. Işiň awtorlary planetanyň temperaturasynyň Kilauea wulkanyndan atylyp çykýan lawanyň temperaturasyna meňzeýändigini ýazýarlar.

Bu planetaly ulgam Ýerden 460-470 ýagtylyk ýyly uzaklykdaky Öküzçe Buludynda ýerleşýär. Bu ýerde ýyldyzlaryň emele geliş prosesi işjeň ýagdaýda bolup geçýär. Alymlaryň gözegçiliklerine görä, 2M0437b Gün bilen Ýeriň arasyndakydan 100 esse uly bolan aralykda ýerleşýän ýyldyzyň daşyndan aýlanýar.

Alymlar kosmos teleskopynyň kömegi bilen 2M0437b-niň atmosferasyndaky gazlary kesgitläp boljakdygyny, şeýle-de asman jisiminiň töwereginde Aý emele getiriji diskiň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklap boljakdygyny bellediler.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylda haýsy üç täleý ýyldyzyna şowlulyklar garaşýar
7-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýupitere SpaceX bilen gider
Hytaý 2029-njy ýyla çenli Ýupitere ýetmegi maksat edinýär
Dünýä täsinlikleri
Gün hereket edýärmi