Ýürek üçin peýdaly iýmitler we hoşboý ysly ösümlikler

Ýürek üçin peýdaly iýmitler we hoşboý ysly ösümlikler

Balyk

Düzüminde ýokary mukdarda Omega 3 ýag aşgary bolan skumbriýa, gyzylbalyk ýaly balyklar ýürek üçin iňňän peýdaly. Balyk, ganyň goýulaşmagyny azaldyp, ýürek urşuny kadalaşdyrýar.

Gyzyl reňkli miweler

Ýer tudanasy, böwürslen, malina, çernika ýaly ýürek üçin peýdaly miweler, esasanda gan basyşyny kadalaşdyryp, damar ýarawsyzlygyny aýyrýar.

Awokado

Awokado hem iýmitlenmek, hem-de ýüregiň kadaly işlemegi üçin peýdalydyr. Şol bir wagtda-da holesteroly kadalaşdyrýar.

Fasol

Düzümindäki belok we ulewod saýasynda ýokumlylygy ýokary bakja önümlerinden biridir. İçegäniň işleýişi kadalaşdyrmagy we dok saklamagy sebäpli berhiz tutýanlar üçin maslahat berilýär.

Sparža

1 käse gaýnadylan sparža beden üçin zerur bolan günlük B witaminiň 66 göteriminiň öwezini dolýar.

Zygyr çigidi

Zygyr çigidi ýürek-damar kesellerinden goraýar. Şol bir wagtda-da günde 1 käse gatyk ýa-da süýt bilen bilelikde iýmek, yzgiderli açlyk duýgusyny aýyrýar.

Alma

Alma düzümindäki süýmleri arkaly golesteroluň aşaklamagyny üpjün edýär.

Arpa

Erbet görnüşli holesteriniň aşaklamagy üçin peýdalydyr.

Ysmanak

Düzümindäki antioksidentler arkaly hroniki keselleriň agyrlaşmagynyň öňüni alýar.

Banan

Düzümindäki potasiý sebäpli mineral taýdan baýdyr. Ýokary gan basyşy we erbet görnüşli holesteroly aşakladýar.

Şugundyr

Düzümindäki potasiý we foliki aşgaryň mukdary ýokarydyr. Koloriýasy iň azdyr. Bakja önümleriniň iň ýokary mukdarly tebigy şekeri özünde jemleýän görnüşidir.

Zeýtunyň ýagy

Ýürek we damar kesellerinden goraýar, erbet görnüşli holesteroly azaldýar. Günde 2-3 nahar çemçesinden köp ulanmak maslahat berilmeýär.

Sarymsak

Düzümindäki iýmitlendiriji bilen damaryň içindäki dykylmanyň öňüni alyp, koroner ýürek keselleriniň ýüze çykma howpuny azaldýar. Günde 1 diş sarymsak iýmeklik peýdalydyr.

Balyk ýagy

Damaryň dykylmanyň öňüni alýar. Dümizdäki Omega-3 ýag aşgarlary ýokary antioksident özboluşlygyna eýedir.

Hoz, funduk, çig badam

Erbet görnüşli holesterini aşakladýar, gowy görnüşlisini ýokarlandyrýar. Ganyň goýulaşmagynyň öňüni alýar. Trigliseridi kadalaşdyrýar. Günde 2-3 hoz, 8-10 sany çig ýa-da funduk iýmek maslahat berilýär.

Gök çaý

Çaýyň düzümindäki elementler, antioksident özboluşlygy sebäpli ýürek keselleriniň öňüni almak üçin peýdalydyr. Gara çaý we kofe içmegiň ýerine gök çaý, çopantelpek, fenhel çaýlaryny içmek maslahat berilýär.

Pomidor-garpyz

Antioksident özboluşlygy bolan elementleri ýokar mukdarda özünde birleşdirýändigi üçin geçirilen barlaglarda ýürek keselleriniň önüni alýandygy ýüze çykaryldy.

Süle

Geçirilen barlaglarda günde yzgiderli häsýetde 25 gram süle sarp etmegiň ýürek keselleriniň öňüni alýandygy anyklandy.

Zygyryň çigidi

Ýürek kesellerinden goraýyjy özbolyşlygy bar. Günde 1 çorba çemçesi zygyr çigidini gatyga, çorba goşup iýmek maslahat berilýär.

Rozmari

Bu dermanlyk ösümlik bedendäki bar bolan iriňleme reaksiýalaryň täsirini azladyp, ýürek-damar saglygyny kadalaşdyrýar. Şol bir wagtda-da tebigy antioksident täsiri bilen saglyk üçin peýdalydyr.

Zagpyran

Antioksident özbolyşlygy bolan zagpyran damary gyraýar we bedendäki iriňleme reaksiýasyny azaldýar. Holesterini aşakladýandygy bilinýär.

Käkilik oty

Käkilik oty, antioksident we iriňi aýyryjy özbolyşlygy bilen damarlaryň tebigy taýdan goralmagyny üpjün edýär. Onuň holesterini aşakladyjy täsiri hem bar.

Koriandr

Koriandr, immunitet ulgamyny güýçlendirip, siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýandygy we gan holesterini aşakladýandygy üçin peýdalydyr.

Tmin

Tmin, bedendäki iriňleme reaksiýasyny azaldýar. Şeýle hem ganyň düzümindäki süýjüligi aşakladýar we ganyň basyşyny kadalaşdyryp, damarlaryň sagdynlygyny üpjün edýär.

Zenjebil

Bedeniň çydamlylygyny kuwwatlandyrýan zenjebiliň antioksident we iriňi aýyryjy özboluşlygy bardyr. Bu şypaly ösümlik, damarlary arassalap, ganyň basyşyny kadaşadyrýar.

Sumah

Sumah, ganyň düzümindäki süýjüligi aşaklatmak üçin peýdalydyr. Şonuň saýasynda damarlar süýjüniň zyýanly täsirlerinden goranýar.

Narpyz

Narpyz, antioksident täsiri bilen damarlary goraýar. Ýürek urşuny we ganyň başyny kadalaşdyrmak üçin peýdalydyr. Şeýle hem stressi azaldyp, bedeni rahatlandyrjy özbolyşlygy bardyr.

Dalçyn

Dalçynyň holesterini we ganyň düzümindäki süýjüligi azaldyjy täsiri bardyr. Günde bir çaý çemçesi sarp edilende, ýürek-damar saglygy üçin peýdalydyr.

Üwelen sarymsak

Esasy antioksidentlerden biri bolan gury sarymsak saçagymyzyň esasy bezeglerinden biri bolmaly. Sarymsak naharlaryň tagamlylygyny artdyrmagyň ýany bilen ganyň basyşynyň kadalaşmagy üçin hem peýdalydyr.

Zerdeçal

Bedeniň goranyş mehanizmini kuwwatlandyrýan şypaly ösümlik, damarlary gorap, ýokary gan basyşyny kadalaşdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Ýürek üçin peýdaly iýmitler we hoşboý ysly ösümlikler
Nýu Ýorkda garaşylmadyk ýeňiji çempionlardan öňe saýlandy
Halkara Zähmet Guramasy bilen pagta pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça duşuşyk geçirildi
Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryna saparlaryny guramak meýilleşdirilýär
Funikulýar: daga çykýan otlular