Amerikaly türgen we öňki harby gullukçy Donni Dast 37 ýaşynda infarkt keselini geçirdi we öz durmuşyny düýpgöter üýtgetmek kararyna geldi. Ol tokaýdaky gowaklaryň birinde ýaşap, siwilizasiýa bilen gatnaşygy düýbünden diýen ýaly bes etdi diýip, MIR 24 ýazýar.
Ony lukmanlar halas etdiler, Donni öň özüniň adatdan daşary töwekgelçilikli jahankeşdelik bilen meşgullanandygyny, ýowuz şertlerde ýaşamagy başarandygyny ýadyna saldy. Ol häzirki ýagdaýynda halas bolmagyň ýeke-täk ýoly hökmünde tokaýa gitmegi, gowakda ýaşamagy, aw etmegi we çeşme suwuny içmegi makul bildi.
Ilki alty aýda Dast kä Koloradodaky öýünde, kä tokaýda ýaşady, tokaýdaka towşan awlady, otda nahar taýynlady, esasan, tokaý miweleridir kökler, kömelekler bilen oňňut etdi.
Ýarym ýyldan soňra amerikaly tirkeg öý satyn aldy, ol indi ony ulagyna dakyp, tokaýda islän ýerinde ýaşaýar. Dast özüni bagtly adam hasaplaýar, ol tebigatyň özüni keselden bejerendigini beýan edip, birnäçe kitap hem ýazdy.
Ol tokaý durmuşy barada sosial ulgamlarda hem gürrüň berýär diýip, The Guardian ýazýar.