Ýüpek ýoly rallisiniň nobatdaky tapgyrynda türkmenistanly sürüjiler ikinji we üçünji orunlary eýelediler

Ýüpek ýoly rallisiniň nobatdaky tapgyrynda türkmenistanly sürüjiler ikinji we üçünji orunlary eýelediler

Halkara Ýüpek ýoly rallisiniň 8-nji tapgyry tutuş ýaryşyň iň uzyn tapgyry boldy. Bu tapgyrda toparlar jemi 772 kilometr ýol geçmeli boldular. Tapgyrdaky has çylşyrymly aralyk 314 kilometre ýetdi. Ol Arçedinsk ― Don sähralyklarynyň içinden geçdi. Silkwayrally.com saýty bu tapgyrda toparlaryň aglabasynyň kynçylyk çekendigini ýazýar.

T2 görnüşli ulaglaryň arasynda Podmoskowýeli Anton Melnikowyň topary Toyota LC 200 ulagy bilen iň ýokary netijäni görkezdi. Ýeňijiniň yzyndaky üç orny bolsa türkmenistanly sürüjiler eýelediler. Has takygy, Merdan Toýlyýew ikinji, Maksatmyrat Daňatarow üçünji, Şamyrat Gurbanow bolsa dördünji bolup pellehana geldi. T2-niň ilkinji bäşligini Leonid Petrow jemledi.

Ýewraziýa yklymynyň iň uzyn ralli ýaryşynyň tamamlanmagyna bir gün galdy. Iň aýgytlaýjy kilometrler bolsa sürüjileriň heniz öňünde.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanly sürüjiler Ýüpek ýoly ― 2023 rallisiniň jemleýji tapgyrynda hem öňdäki üç ornuň ikisini eýelediler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Merdan we Şöhrat Toýlyýewlere Nissan Pathfinder sport awtoulagy sowgat berildi
Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy
Ildeşlerimiziň ralli ýaryşyndaky üstünligi