Ýüpek ýoly rallisiniň bäşinji tapgyrynda Merdan Toýlyýewiň ekipažy pellehana ilkinji geldi

Ýüpek ýoly rallisiniň bäşinji tapgyrynda Merdan Toýlyýewiň ekipažy pellehana ilkinji geldi

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň sürüjileri Ýüpek ýoly ralli ýaryşynyň bäşinji tapgyrynda ýolsaýlamazlaryň (внедорожников) arasyndaky bäsleşiklerde ilkinji üçlügi hiç kime bermediler.

Has takygy, tapgyrda 3 sagat 47 minut 4 sekunt görkeziji bilen Merdan Toýlyýew Nissan Patrol awtoulagynda pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Ikinji orun Şamyrat Gurbanowa (+6,37), üçünji ýer bolsa Maksatmyrat Daňatarowa (+7,55) nesip etdi.

Ýüpek ýoly ralli ýaryşynyň bäşinji tapgyry GroznyýGroznyý ugry boýunça geçirilip, ýoluň jemi uzunlygy 298 kilometre, ýörite bölegiň uzynlygy bolsa 217 kilometre deňdir.

Ýüpek ýoly ralli ýaryşynyň altynjy gününde GroznyýElista aralygynda marafon tapgyry geçiriler. Altynjy tapgyrda ýoluň umumy uzynlygy 545 kilometre, ýörite bölegi bolsa 485 kilometre deň bolar.

Russiýanyň çäklerinde geçirilýän Ýüpek ýoly ralli ýaryşynyň 7-nji iýulda başlandygyny we 16-njy iýulda tamamlanýandygyny ýatladýarys. Ýaryşda umumy badalgany Astrahanda alan sürüjiler Moskwadaky Lužniki stadionynda jemleýji pellehanany kesip geçerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýadan 5 sany teplowoz satyn aldy, Milli Geňeşiň Mejlisi 14 sany täze kanun kabul etdi, RF-niň agentlikleri rus KHBS-niň saýtlarynyň ýapylandygy hakyndaky maglumaty ret etdi we beýleki habarlar
Ýüpek ýoly: sekiz tapgyrdan soň türkmen toparlary öňde barýar
Ildeşlerimiziň ralli ýaryşyndaky üstünligi
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy
Merdan we Şöhrat Toýlyýewlere Nissan Pathfinder sport awtoulagy sowgat berildi