
Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekili Maksatmyrat Daňatarowyň ýolbaşçylygyndaky topar Ýüpek ýoly ― 2024 halkara rallisiniň sekizinji tapgyrynda T2 ýaryşlarynyň ýeňijisi boldy.
Bu tapgyrda ikinji orunda hem türkmen topary geldi. Merdan Toýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky topar pellahana öňdebaryjydan bary-ýogy 13 minut soň geldi. Üçünji orny bolsa russiýaly Andreý Suşensowyň topary eýeledi.
Ýaryşyň dokuzynjy tapgyry 422,69 kilometrlik ýoldan ybarat bolar. Bu tapgyr 13-nji iýulda, şenbe güni geçiriler.
Ýüpek ýoly ― 2024 15-nji iýul güni Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde tamamlanar.