Ýüpek ýoly ― 2024 rallisi: türkmen sürüjileri öňdebaryjylaryň hatarynda

Ýüpek ýoly ― 2024 rallisi: türkmen sürüjileri öňdebaryjylaryň hatarynda

5-nji iýulda Ýüpek ýoly halkara rallisine badalga berildi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, oňa türkmenistanly sürüjiler hem gatnaşýar. 11 günläp dowam etjek ýaryş 15-nji iýulda Mongoliýanyň paýtagty Ulanbator şäherinde tamamlanar.

2022-nji ýylda T2 görnüşi boýunça çempion bolan türkmenistanly doganlar Toýlyýew şu gezekki ýaryşda-da yzda galan üç tapgyrdan soň çempionlyga has ýakyn topardyr.

Ýaryşyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, üç tapgyrdan soň Andreý Suşensowyň ýolbaşçylygyndaky S&A Racing topary ýaryşyň başyny çekýär. Ikinji orundaky Mihail Mitýaýew (LADA Sport ROSNEFT Raid) ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan, üçünji orundaky Anton Melknikowyň Podmoskowýe toparyndan 24 sekuntlyk tapawut bilen öňde barýar. Olaryň türkmenistanly toparlaryň birbada üçüsi yzarlap gelýär.

Şu ýyl ýaryş Sibiriň we Altaýyň ýollaryndan geçýär. Bu ýerdenem Mongoliýanyň giňişliklerine uzaýan ýaryşyň ýoly 5 müň 256,70 kilometre ýetýär. Şunça ýoluň 2 müň 993,24 kilometrden galan böleginde ulagy ýokary tizlikde sürmek mümkin däl.

Ýene degişli makalalar

“Türkologiýanyň atasy” atlandyrylýan meşhur dilçi alym Wasiliý Radlow
Altaý Türkçesi
Türk dialektleriniň toparlara bölünişi
Fuýu Türkçesi
Gyzylinjik
8-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti