Ýüpek ýoly ― 2023 rallisi tamamlandy: türkmenistanly sürüjiler ikinji we üçünji orunlary eýelediler

Ýüpek ýoly ― 2023 rallisi tamamlandy: türkmenistanly sürüjiler ikinji we üçünji orunlary eýelediler

13-nji gezek geçirilen Ýüpek ýoly rallisi tamamlandy. Russiýanyň 13 sebitiniň içinden geçen ýaryşyň jemleýji dabarasy Moskwa şäherindäki Gyzyl meýdançada bolup geçdi.

Şu ýylky ralli ýaryşy Moskwa sportunyň 100 ýyllygyna gabat geldi. Hut, şonuň üçin hem ýaryşyň jemleýji dabarasyny Gyzyl meýdançada geçirmek boýunça çözgüt kabul edildi. Dabara Russiýanyň ýokary döwlet ýolbaşçylarynyň birrnäçesi gatnaşdy.

Ýeri gelende aýtsak, 9 günläp dowam eden ýaryşda toparlar 5 müň 228 kilometrlik menzili geçdiler. Ýüpek ýoly rallisinde şu ýyl möhüm ekologiýa çäresine hem girişilendigini aýtmak gerek. Ýaryşyň bütin dowamynda oňa gatnaşyjylar we tomaşaçylar plastiki gaplardan peýdalanmadylar. Olara suwlar hem, iýmitler hem çüýşe ýa-da alýuminiý gaplarda berildi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ralli ýaryşynyň T2 görnüşine Türkmenistanyň toparlary hem gatnaşdylar. Has takygy, bu görnüşde ýaryşan ýedi toparyň üçüsi Türkmenistana wekilçilik etdi. Olar Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowyň hem-de Şamyrat we Muhammetmyrat Gurbanowlaryň bilelikdäki toparlarydyr. Türkmenistandan wekilçilik eden toparlaryň üçüsi hem ýaryşa Nissan Patrol ulaglarynda gatnaşdylar.

T2 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda hormat münberiniň birinji basgançagyna russiýaly Anton Melnikow bilen Anton Nikolaýewiň bilelikdäki topary mynasyp boldy. Ýaryşa Toyota LC 200 kysymly ulag bilen gatnaşan russiýaly sürüji we onuň kömekçisi bellenen aralygy jemi 30 sagat 5 minut 21 sekuntda geçdiler.

Ikinji we üçünji orunlary türkmenistanly toparlar eýeledi. Doganlar Toýlyýew bellenen aralygy 32 sagat 18 minut 44 sekuntda geçip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar. Üçünji eýelän Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedow bolsa ildeşlerinden bary-ýogy 21 minut gijä galdylar.

Tapgyrlaryň aglabasynda öňdäki dörtlüge giren hem bolsa, Şamyrat we Muhammetmyrat Gurbanowlar soňky tapgyrlarda tehniki näsazlyk sebäpli ýaryşdan çekilmeli boldular.

Şeýlelikde, türkmenistanly sürüjiler Ýüpek ýoly rallisinden nobatdaky ýeňişlerini gazandylar. Olar 13-nji gezek geçirilen ýaryşda her ýyl hem ýokary netijeleri görkezip gelýärler.

Ýene degişli makalalar

Ildeşlerimiziň ralli ýaryşyndaky üstünligi
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy
Merdan we Şöhrat Toýlyýewlere Nissan Pathfinder sport awtoulagy sowgat berildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen türgenleri Ýüpek ýoly halkara rallisine gatnaşýar