Ýük daşamaga niýetlenen täsin welosiped

Ýük daşamaga niýetlenen täsin welosiped

Elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedlere isleg barha ýokarlanýar. Şeýle bolansoň kompaniýalar dürli maksatlar bilen üýtgeşik welosipedleri işläp taýýarlaýarlar. “Bunch Coupe” atly şereket öň tarapynda ýük daşamaga niýetlenen sebedi bolan üç tigirli welosipedi işläp taýýarlady.

Bu sebedi ýükden başga-da, çagalary ýa-da öý haýwanlaryny mündürmek üçin hem peýdalanyp bolýar.Welosipedde 720 W/sagat batareýa oturdylypdyr.Bir gezekki zarýady bilen 120 km ýol geçýän ulag owadanlygy bilen hem tapawutlanýar.

Tigriň zynjyrlarynyň daşy hem goragly.Ulagyň batareýasynda näçeräk toguň galandygyny, ýene-de näçe km ýol geçip boljakdygy baradaky maglumaty onuň öňündäki ekrandan görüp bolýar.

Ýene degişli makalalar

Tigirli ýörişlere mejbury çekilen käbir býujet işgärleriniň burny ganady, käbirleri huşuny ýitirdi
“Ysraýylyň Döwlet Terroryna Garşy Durmak Türkiýäniň Milli Meselesi”
Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalyna gatnaşyjylar belli boldy
"Bawariýa" klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda "Al-Duhail" ýa-da "Al-Ahli" bilen oýnar
Katardaky Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlarynyň tertibi we stadionlary belli boldy
Ilkinji çempionlygy
Futbolyň ägirdi Diego Maradona aradan çykdy, Argentinada 3 gün ýas yglan edildi