Ýubilýarlaryň dörtlügi: dünýä özboluşly dört garaýyş

Türkmen žiwopisçileriniň dördüsiniň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Nakgaşlar birleşigi paýtagtymyzyň Sergi merkezinde olaryň işleriniň köpçülikleýin sergisini gurady.Balkanly nakgaş Ýolmämmet Annaýewiň suratlarynda deňiz tolkunlarynyň şahyranalygy beýan edilipdir.Deňiz manzarlaryny çekýän ussat Hazary asuda we gomly pursatlary, tolkunlary kenara hyjuwly urulýan, ahyrsyna gözýetmez görnüşlerde şekillendiripdir.

Onuň Asudalyk suratyndaky säher-saba parahat deňiz we balykçylara garaşyp duran ýelkenli gämä syn edeniňde köňlüňe rahatlyk aralaşýar.Onuň gapdalyndaky Deňizde atly duýgylara baý işinde gaýalaryň ýanynda suwa düşüp ýören çagalar şekillendirilipdir. -Men kärdeşlerim bilen gürrüňdeşlikden lezzet aldym, -- olar bilen seýrek duşuşýarys-da,-- dürli tilsimli işleri gördüm, mähirli garaýyşlara maýyl boldum diýip, doglan gününi 10-njy awgustda belleýän balkanly nakgaş gürrüň berdi.

Sergi merkeziniň ikinji gatynda nakgaşlaryň ýene üçüsiniň işleri goýlupdyr.Olardan Walentin Kudrýaşowyň işleri has tapawutlanýar, suratlarda oňa mahsus ýiti reňkli monumentallyk göze ilýär.Hyýaly kinolaryň ýordumlaryny ýada salýan manzarlara syn edeniňde: Bular biziň diýarmy? -diýeniňi duýman galýarsyň.

Onsoňam nakgaşyň göwrümli işlemek tilsimi, üýtgeşik rakursda beýan edişi we olara düşünmegiň çägini giňeldýän assosiasiýalary onuň işlerini beýlekileriňkiden tapawutlandyrýar. -Men okuwçymyň işleýşinden razy diýip Türkmenistanyň halk nakgaşy, Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň hormatly agzasy, heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedow gürrüň berýär.

Walentin Kudrýaşow heniz talyp döwri galyba giren ülňülerden daş durýardy.Baryp şol döwürde onda ýüze çykan monumentallyga isleg indi ýordumlaryň köpmanylylygynda beýanyny tapýar.Kudrýaşowyň Saglyk ýoly, Parfiýa erkinligi ýaly belli manzarlary bilen birlikde oňa mahsus goýras reňkli, gülläp oturan soganly we ýasy ullakan ýaprakly otly täze Parfiýa manzary atly suraty goýlupdyr.

Onda Walentin Kudrýaşowyň pleneriniň hemişelik hemrasy, onuň işleriniň köpüsiniň gahrymany çypar pişik hem şekillendirilipdir.Günüň tutulmagy suratynda ozal Gündogarda bu pursada nähili garalýandygy beýan edilýär, şonda adamlar Güni gabawyndan çalt çykarmak üçin gaty gygyrşypdyrlar we gap-gaçlary şakyrdadypdyrlar.

Indi welin bu suratyň gahrymanlaryna birnäçe nesliň wekillerine we öý haýwanlarynyň ählisine gülkünç bir zat ýaly garalýar.Tut agajy suraty şadyýan duýgylary döredýär, onda oglanjyklardyr gyzjagazlar bu daragtyň datly miwesini höwes bilen iýýärler.

Tuduň gür ýapraklarynyň arasyndan görünýän çagalaryň çyr-çyrşak ýüzleri-de iri miweleri ýada salýar.Kärizçi natýurmorty ýordumynyň gysbylygyna garamazdan, filosofiki manyly surat.Daşyndan göräýmäge onda üýtgeşik zat ýok ýaly ýüp, kätmen we işe gerekli gurallardyr meýdanda naharlanmaga gerek zatlar şekillendirilipdir... Ýöne olar we daş-töwerege mahsus detallar kärizgenleriň gadymy sungatyny beýan edýär.

Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň uçurymy Kakageldi Seýitmuhammedowyň işlerinden At çapyşygy suraty saýlanyp dur, onuň dartgynly ýordumy çapyşygyň gyzgalaňly pursadyny şekillendirýär. -Men çagalykdan surat çekmäge höwesekdim, atlary gowy görýärdim.

Bu iki höwesim suratymda öz beýanyny tapdy diýip Kakageldi Seýitmuhammedow žurnalistlere gürrüň berdi.Dördünji ýubilýar maryly nakgaş Meretgeldi Akmämmedowyň suratlarynda ýumşak sarymtyl-gyzyl reňk öwüşginlerinde dürli zenan keşpleri şekillendirilipdir.

Suratlardaky birneme bezeglilik milli lybaslaryň özboluşlylygyny nygtap, çeper elli türkmen zenanlarynyň zähmetsöýerliginiň bendisi edýär.Olarda gahrymanlaryň garaýşynda, hereketlerinde beýan edilen duýgylaryň çuňňurlygy öňe çykýar...Ussat žiwopisçileriň dördüsiniň işleri kämil awtorlyk tilsimleri we täzeçil pikirlenmeleriň jemlenmegi bilen biziň milli-estetiki düşünjelerimiziň çägini giňeldýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Belentde parlasyn, şöhratly tugum!“ atly sergi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen Mukaddes tugum“ atly sergisi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Aşgabat şäheriniň Neşirýat-Çaphana orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi
Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergi gurady
Türkmen nakgaşlary Aziada bagyşlanan döredijilik bäsleşigine gatnaşdylar
Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady