ÝTÖB: Gazyň bahasynyň ýokarlanmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrýar

ÝTÖB: Gazyň bahasynyň ýokarlanmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrýar

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) dünýä bazarynda gazyň ýokary bahasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygyny çaklaýar. Bu barada Trend habar berýär.

Gazyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli ýurduň eksporty 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan sentýabr aýyna çenli 50 göterim ýokarlandy we jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüşi 6,2 göterime deň boldy diýip, ÝTÖB-iň hasabatynda bellenilýär. Şeýle-de bankyň hasabatynda dünýä bazaryndaky gazyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen, Türkmenistanyň daşarky syýasy-ykdysady täsiriniň ep-esli güýçlenendigini nygtalýar.

Bellenilişi ýaly, gazyň ýokary bahasy Türkmenistanyň girdejilerini ýokarlandyryp, ýurduň karz bermek mümkinçiligini yzygiderli artdyrýar.

ÝTÖB-iň hasabatynda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen söwda we logistika gatnaşyklaryny ösdürýändigi, ikitaraplaýyn söwdany artdyrýandygy hem-de wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek babatda degişli işleri alyp barýandygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýoluny gurmak barada ýakynda gol çekilen şertnamanyň Türkmenistanyň sebitde hem-de dünýäde ulag-üstaşyr merkez hökmündäki mümkinçilikleriniň görnetin artdyrandygy barada durlup geçilýär.

Ýene degişli makalalar

Derňew: Türkmenistanda žurnalistiň ölümi pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň öňündäki perdäni açýar
Türkmenistan 2023-nji ýylda JIÖ-niň ösüşi boýunça Merkezi Aziýanyň lideri bolar
Bütindünýä banky dünýä ykdysadyýeti üçin ýitirilen onýyllygy çaklaýar
2023-2024-nji ýyllarda hümmetsizlenme dünýäniň köp ýurdunda saklanar
Singapuryň jemi içerki önümi ýylyň III çärýeginde 4,4% ösdi
Hünärmenler 2023-nji ýylda Germaniýada çökgünligiň boljakdygyny çaklaýarlar