Yssykköli zibilden arassaladylar

Yssykköli zibilden arassaladylar

Gyrgyzystanda Yssykköli arassaladylar, bu barada ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow aýratyn görkezme berdi. Häkimiýetler Respublikanyň iň gözel suw howdanyny goramak hem-de ekologik heläkçiligiň öňüni almak isleýärler diýip, MIR 24 habar berdi.

Kölüň töwereginde pansionatlar ýerleşýär. Ol ýerlerde dynç alýanlar kän zibil galdyrýarlar. Şemal bolsa, olary deňziň töweregine pytradýar, guwwaslar köli olardan yzygiderli arassalamaly bolýarlar.

Diňe şu ýylyň özünde Yssykkölüň düýbünden 6 tonna töweregi dürli galyndylary we 40 kilometrlik balyk tutulýan torlary ýygnadylar. Kölde senagat maksatly balyk awlamak gadagan edilen. Şeýle işler hemişe alnyp barylýar.

Galyberse-de, Yssykköl sebitinde polietilen haltalary ulanmagy bes etdiler.

Ýene degişli makalalar

Halkara Yssyk Köl Forumy Türkiýede we Azerbaýjanda Geçirler
Sil Yssyk Kölde Dynç Alyş Obalaryna Ýaramaz Täsirini Ýetirdi
Türki Döwletleriň Içeri Işler Ministleri Çolpan-Atada Duşuşdy
“Gorkut ata” kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň sanawy
Amyderýanyň suwy çekildi, türkmenistanlylar muny Owganystanyň täze kanalyndan görýärler
Sinalco Jump we Sinalco Fresco: serginle we tomsuň şatlygyndan lezzet al