Aşa yssy howa adam saglygyna, esasan hem, garrylaryň we çagalaryň saglygyna zeper ýetirip bilýär. Çünki bu ýagdaý bedeniň gyzmagyna, Gün urmagyna, ýürek näsazlyklaryna we aňyň bozulmagyna sebäp bolup biler. Şeýle hem ýürek-damar we dem alyş keselleri bolanlaryň saglyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagyna getirip biler.
Bilermenler tomsuň yssy günlerini ýeňilleşdirýän çäreleriň sanawyny düzdüler: öz iýmit sanawyňyzy özgerdip, ondan ýagly, gowrulan iýmitleri aýryň, çünki beden olary siňdirmäge köp energiýa sarp edýär. Ýokary gyzgynlyk derejesinde gan goýalyp, bedendäki alyş-çalyş prosesi pese düşýär we bedene agyr iýmitleri siňdirmek has-da kyn düşýär. Şoňa görä hem tomsuna agyr naharlardan gaça durup, gök önümlere we ir-iýmişlere aýratyn üns berseňiz gowy bolar. Çünki gök önümler, miweler (garpyz, pomidor we ähli miweler) suwsuzlygyňy oňat gandyrýar.
Yssy günlerde ýüze çykýan teşneligi günüň dowamynda 2-3 litr suw içip gandyryp bolýar. Muňa mineral suwlar, limonly gök çaý, şekersiz kompot, tebigy kwas hem girýär. Gazlandyrylan süýji sowuk içgiler bolsa suwsuzlygyňy has-da güýçlendirýär. Köpräk hyýar iýiň, çünki onuň 90 göterimi suwdan ybarat bolup, düzüminde birgiden kletçatkalary saklaýar.
Eger siz uzak wagtlap Günüň aşagynda galmaly bolsaňyz, irden bir döwüm çörege duz basyp iýseňiz artykmaçlyk etmese gerek. Bu size teşnelikden rüstem gelmäge ýardam berer.
Gün urmasyndan gaça durmak üçin kelläňe başgap geýmeli, esasan hem, bu çagalar we gartaşan ýaşdakylar üçin has-da möhümdir.
Gözleriň aladasyny hem etmeli: çünki Günden goraýan äýnekler gözi Günüň ýiti şöhlelerinden goraýar.
Tebigy süýümlerden edilen açyk reňkli eşikleri geýiň, çünki olar Gün şöhlelerini yzyna serpikdirýärler.
Galyň tutular, Gün şöhlelerini yzyna serpikdirýän gorag žalýuzlary otagyň içini gyzgynlykdan goramaga kömek edýär.
Şu günki günde otaglary sowatmakda split sowadyjylar giňden ulanylýar. Ýöne bu ýerde gowşaklyga ýol bermeli däl: otaga giren badyňyza derlän bedeniň sowuk akyma garşy durujylygy pes bolup, birbada rahatlyk duýsaňyzam, sowuklanyňyzy bilmän galarsyňyz.
Zerurlyk bolmasa, yssy howada daşarda gezmezlige çalşyň! Has yssy howada bedeniňize fiziki taýdan agram salmazlyga çalşyň! Eger mümkinçilik bolsa, işdäki arakesmede dynç alyň.
Mümkinçilige görä, salkyn suwa düşüp duruň. Howdanlarda suwa düşmegiň hem peýdasy uludyr.
Adyl Allambergenow,
Aşgabat şäherindäki Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň 1-nji hirurgiýa bölüminiň urolog hünärmeni.