Yssy howany halaýan şahasyz palma agaçlarynyň (Palmea maşgalasy) 4 müňe golaý görnüşi bar.Onuň çür depesinde ýelpewaja meňzeş ýapraklary bolup, olaryň miweli we miwesiz görnüşleri bolýar.
Palma beýleki agaçlardan şahasyz we uzyn bolmagy bilen tapawutlanýar.Agajyň gabygyndaky çykgytlar onuň düşen ýapraklarynyň düýbüdir.Agajyň ýapraklary yzygiderli düşüp, täzeleri onuň ýokarsyndan çykýar.Agaç kesilende onuň içindäki halka şekilleri onuň ýaşyny görkezýär.
Palma agajynda beýle halka bolmaýar.Palmalar maşgalasyndan hurma (Phoenix dactylifcra), kokos (Cocos nucífera), Afrika ýag palmasy (Elaesis guineen-sis), kopernisiýa (Copernicia), girdenek hamerops (Chamaerops humilis) iň belli görnüşleri hasaplanýar.
Palmalar seýilgählerde, köçeleriň gyralarynda, deňiz kenarynda, bezeg agajy hökmünde ekilýär.Bu agajy otag ösümligi hökmünde hem ekmek mümkin.Palma agajy örän berk bolup, onuň düzüminde köp mukdarda ýag bolýar. Şol sebäpli ol örän gowy ýanýar.
Yssy we çygly howany halaýan palmalar köp suw talap edýär.Palmanyň otag şertlerinde ösdürilýänleriniň boýy kiçi bolup, olar örän haýal ösýärler.Olaryň berk we şahasyz bolmagy tropiki ýurtlarda we adalarda güýçli ýele garşy ýykylman saklanmaga kömek edýär.
Onuň kökleri hem topraga örän mäkäm ýapyşýar.Tropik ýurtlarda palma agaçlary jaýlaryň gurluşygynda giňden ulanylýar.
Ykdysady taýdan iň peýdaly palma kokos hasaplanýar. Goňur reňkli gaty gabykly kokos miwesi azyk we derman senagatynda giňden ulanylýar. Kokos miwesiniň içinde içmäge ýaramly tebigy suw bolýar.
Ýazmyrat Umarow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
The post Yssy howany halaýan täsin agaç appeared first on Zaman Türkmenistan.