Yssy howada süýji içgilerden, mysal üçin, gazly suwlardan, miwe şiresinden we siroply kofeden ýüz öwürmek gerek. Şu maslahatlardan ugur alynmasa, saglygyň bilen bagly düýpli näsazlyklar ýüze çykyp biler diýip, dieolog Margarita Korolýowa gürrüň berýär. Muny Day.Az ýetirýär.
Hünärmeniň aýtmagyna görä, yssy howada gazly suw ýa-da miwe şiresini içmek peýdasyzdyr.Içgileriň düzümindäki şeker sebäpli adam ýene-de içmek isleýär.Ne gazly suw, ne-de miwe şiresi teşneligi gandyryp bilmeýär diýip, dietolog belleýär.
Yssy howada süýji kofe hem, hatda sowuk kofe-de saglygyň bilen bagly näsazlygy güýçlendirip bilýär.Kofein ýürek-damar ulgamyna agram salýar.Bu arterial basyşyň ýokarlanmagyna we ýürek ritminiň bozulmagyna getirer.
Kofeden, miwe şiresinden we gazly içgilerden başga-da, yssy howada alkogol içgilerinden hem saklanmaly. Hünärmeniň aýtmagyna görä, spirtli içgiler gan basyşynyň ýokarlanmagyna we ýürek-damar ulgamynyň işiniň ýaramazlaşmagyna getirer.