Yssy howada adam bedenine peýdaly witaminler

Tomsuň yssy günlerinde iýmitlenmäge aýratyn üns bermeli. Adam bedeni üçin peýdaly witaminlere baý bolan iýmitleri iýmek saglyk üçin zerurdyr. Miwedir gök önümlere baý bolan bu pasylda nähili miweleri iýmek maslahat berilýär. Geliň, lukmanlaryň maslahatlaryna seredeliň!

C witamini: adam bedeni witaminiň bu görnüşine ýylyň islendik paslynda hem zerurlyk duýýar. Şu günlerde ýetişýän armyt, ýertudana, garpyz, gawun, böwürslen, gyzyl kelem, bolgar burçy, gyzyl burç we dürli gök otlar düzüminde C witaminini saklaýar. Gyşyna bolsa, şol pasylda ýetişýän pyrtykal, limon, mandarin, greýpfrut ýaly sitrus önümlerini iýmek C witamini almak üçin iň tebigy usul hasaplanýar.

K witamini: bu witamin teniňde ýüze çykyp biljek näsaglyklaryň öňüni alýar. Haýsydyr bir sebäp bilen ten şikesi ýeteninde K witamini onuň gysga wagtda gowulaşmagyna ýardam edýär. Kelem, şalgam, şugundyr ýapragy, gök otlar, pomidor, et, bagyr, böwrek, ýumurtga we süýt önümleri ýaly iýmitler bu witaminlere baýdyr.

A witamini: pomidor, käşir, erik, gawun, üzüm ýaly iýmitler arkaly bu witamini bedeniňize alyp bilersiňiz. Witaminiň yssy günlerde teniň üçin peýdalydygy aýdylýar.

D witamini: Gün şöhlesi bu witaminiň esasy çeşmesi hasaplanýar. Bu witamin süňkleri berkidýär, bogunlary güýçlendirýär. Şeýle hem D witamini süýt we süýt önümlerinde, balykda, ýumurtga sarysynda bolýar.

B1 witamini: witaminiň bu görnüşiniň ýetmezçilik etmegi ysgynsyzlyga sebäp bolup bilýär. Bugdaý, ýeralma, kösükli däneler B1 witamine baý hasaplanýar.

E witamini: ýylyň islendik paslynda sarp edilýän gury ir-iýmişler E witaminine baý bolýar. Günebakar çigidi, badam, zeýtun we zeýtunyň ýagy düzüminde E witaminini saklaýar.

Ýene degişli makalalar

Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Çagalarda gubuzlygyň tebigy bejergi usullary
Kimçi koreýleriň syrly işdäaçary
Türkmenistan dymýar we koronawirusa garşy göreşýär
Şu ýyl gök-bakja ekinleri artygy bilen taýýarlandy