Yssy howa ýaşaýyş üçin howply diýlip ykrar edildi

Yssy howa ýaşaýyş üçin howply diýlip ykrar edildi

Proceedings of the Royal Society B neşiri Şwesiýanyň Uppsala uniwersitetiniň alymlarynyň ylmy gözlegleriniň netijelerini paýlaşdy. Bu gözlegiň netijesinde, yssy howa ýaşaýyş üçin howply diýlen netijä gelindi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Barlagçylar yssy howa beloklaryň işleýşine täsir edýän howply genetiki üýtgeşmelere sebäp bolýar diýip hasap etdiler.Bu täsir organizmleriň täze gurşawda uýgunlaşmak we ýaşamak ukybyna hem täsir edýär.Alymlar beloklaryň işleýşiniň nazaryýet modellerini dürli ýaşaýyş ýerlerinde mutasiýalaryň dürli ýaşaýyş görnüşlerine täsiri baradaky maglumatlar bilen bilelikde öwrendiler. Şeýlelik bilen, hünärmenler üýtgeýän gurşawda mutasiýa ýüze çykmazdan öň we soň organizmleriň durmuşynyň nähili üýtgändigini hasaba aldylar.

Netijede, daşky gurşawyň ýokary temperaturasy sebäpli zyýanly mutasiýa täsiriniň artýandygy ýüze çykdy. Şeýle hem barlagçylar, Ýeriň global temperaturasynyň 2-4 gradus ýokarlanmagynyň janly organizmleriň tropiki görnüşlerinde DNK-nyň üýtgemeginden iki esse ýaramaz netijelere sebäp boljakdygyny anykladylar.

Ýene degişli makalalar

Fukusimada haýwanlaryň täze görnüşi ýüze çykaryldy
Alymlar umumy meýdany 180 inedördül metr bolan dünýädäki iň uly ösümligi tapdylar
30 müň ýyllyk janly ulgam tapyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
“Putin Ukraina Bilen Stambulda Başlan Parahatçylyk Gepleşiklerine Uly Ynam Bildirýär”
Iň şöhleli smartfonlaryň sanawy neşir edildi