Ysraýylyň Ýafa şäherinde ýaragly we pyçakly hüjüm guraldy

Ysraýylyň Ýafa şäherinde ýaragly we pyçakly hüjüm guraldy

Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiw şäheriniň golaýyndaky Ýafa şäherinde guralan ýaragly we pyçakly hüjümde 7 adam ýogaldy.

Ysraýylyň döwlet telewideniýesi KAN tarapyndan berilen habarda, düýn agşam guralan hüjümde ýaralanan ýene-de bir adamyň ýogalandygy aýan edildi.

Ysraýylyň Polisiýa gullugy düýn Ýafa şäherindäki ýaragly hüjümde 6 adamyň ýogalandygyny, 17 adamyň hem ýaralanandygyny habar beripdi.

The Times of Israel atly gazediň Polisiýa gullugyna esaslanyp beren habaryna görä, 9 adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjümi guran 2 adam tussag edildi.

Ysraýylyň polisiýa gullugynyň "terrorçy" hökmünde häsýetlendiren 2 adamyň ilki bilen otly bekedinde asuda ilaty pyçaklap, çem gelen ýere ot açanlaryndan soň Iýerusalim köçesinde käbir adamlara hüjüm gurandyklaryny mälim etdi

Polisiýa gullugy häkimligiň goragçylarynyň we ýaragly asuda ilatyň iki adamy ot açyp täsirsiz ýagdaýa getirendigini habar berdi.

Waka Eýranyň Ysraýyla garşy raketa bilen hüjüm guran mahaly başdan geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Pezeşkiýan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Arap Bileleşigi: "Ysraýyl Gazanyň demirgazygynda genosidi we deportasiýa etmegi maksat edinýär"
Ysraýyl, Göçme Hassahanany Nyşana Aldy
Türkiýäniň Diplomatik Wekilhanalarynda Baýdaklar Ýarysyna Çenli Aşakladyldy
Ysraýyldaky Protest Ýörişleri Dowam Edýär
“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi