Ysraýylyň Wekiliýeti Müsüre Bardy

Ysraýylyň Wekiliýeti Müsüre Bardy

Ýerli metbugatda çykan habarlarda Mossadyň Direktory Dawid Barnea we içerki howpsuzlyk guramasy Şin-Betiň Başlygy Ronen Bardan ybarat bolan wekiliýetiň Kaire barandygy beýan edildi.

Barnea we Baryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň müsürli we amerikaly resmiler bilen Filadelfiýa koridory we Rafah gümrük geçelgesiniň gaýtadan açylmagy hakynda pikir alyşjakdygy habar berildi.

Premýer-ministri Binýamin Netanýahu ýesir çalşygy boýunça gepleşikler öň Ysraýylyň goşunynyň Filadelfiýa koridorunda galmaga dowam etmegini şert hökmünde goýupdy. Oňa Müsüriň garşy durýandygy bilinýär.

Ysraýylyň goşuny 7-nji maýda Rafah gümrük geçelgesini ele geçiripdi, soň hem Filadelfiýa koridoryny basyp alypdy.

Filadelfiýa koridorynyň basylyp alynmagy we Rafah gümrük geçelgesiniň ýapyk bolmagy sebäpli Gaza barýan ynsanperwer kömekleriniň mukdary iňňän azaldy.

Şeýle hem daşary ýurtlarda bejergi almaly agyr ýaralylar we hassalar Gazadan çykarylmaýar.

Ýene degişli makalalar

Kairdäki Gepleşiklerden Netije Çykmady
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
Jenindäki adamlary zamun alma hadysalary dowam edýär
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Agzalary Ysraýylyň Hüjümleriniň Öňüni Almaga Borçly
TBMM-nyň başlygy Kot-d'Iwuarly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny