Ysraýylyň soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde jemi 34 palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde jemi 34 palestinaly ýogaldy

Gazadaky Raýat goranyş müdürliginiň metbugat sekretary Mahmud Basal beren ýazmaça beýanatynda, Ysraýylyň dowam edýän hüjümleri barada maglumat berdi.

Mahmud Basal soňky 24 sagatda Gaza zolagynyň tapawutly ýerlerine guran hüjümlerinde 9-y çaga jemi 34 palestinalynyň ýogalandygyny habar berdi.

Düýn Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna guran hüjümlerinde azyndan 16 müň 795-i çaga, 11 müň 378-i zenan bolmak bilen 41 müň 272 palestinalynyň ýogalandygyny, 95 müň 551 palestinalynyň bolsa ýaralanandygyny habar beripdi.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Halkara Guramalara Reaksiýa Bildirdi
“Bu Asyr Türk Dünýäsiniň Asyry Bolar”
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
“Gazada Soňky Asyryň Iň Uly Genosidi Başdan Geçirilýär”
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýyl Gazada 27 Günde 1200-den Gowrak Palestinalyny Öldürdi