Siriýa döwletine ýakyn bolan sosial media hasaplary, Ysraýyla degişli harby uçarlaryň Humus welaýatyndaky Şuaýerat harby howa menziline hüjümiň guralandygyny habar berdiler.
Berilen maglumatda: "Hüjümde 1 çaga ýogaldy, asuda ilatdan 10 adam hem ýaralandy. Maddy zyýan çekildi" diýip mälim edildi.
Ysraýylyň resmilerinden bolsa hüjüm bilen bagly beýannama berilmedi.
Damaskda we töwereginde Siriýanyň goşuny bilen Eýran tarapyndan goldanýan terrorçy toparlar bilen birlikde Liwan Hizbullaha degişli toparlaryň hem bardygy bilinýär.
Ysraýyl içerki uruşyň başlan 2011-nji ýyldan bäri Siriýada Eýran tarapyndan goldanýan toparlara we Siriýanyň goşunyna degişli harby nyşanalara wagtal-wagtal hüjümler guraýar.