Ysraýylyň Prezidenti: "Ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutýarys" diýdi

Ysraýylyň Prezidenti: "Ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutýarys" diýdi

Ysraýylyň Prezidenti Isaak Gersog Beýik Britaniýanyň Sky News telewideniýe kanalyna, Eýranyň 13-nji aprel güni gije guran howa hüjümleri barada maglumat berdi.

Eýranyň hüjümlerini "Uruş yglan etmek" hökmünde häsýetlendirýändiklerini aýdan Isaak Gersog, sowukganlydyklaryny, netijesini bilýändiklerini we ýaranlary bilen ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutýandyklaryny beýan etdi.

Ysraýylyň parahatçylygyň tarapdarydygyny aýdan Isaak Gersog: "Ysraýylyň esaslandyrylmagyndan bäri sebitde isleýän iň soňky zady uruşmakdyr" diýip aýtdy.

Ysraýyl üçin esasy meseläniň Gazadaky ýesirleriň azat edilmegidigini aýdan Isaak Gersog, Gaza geçmek üçin köp sanda gapy açandyklaryny we köp mukdarda ynsanperwer kömegiň paraşýut bilen atylmagyny üpjün edendiklerini öňe sürdi.

Ysraýylyň Eýranyň Damask şäherindäki konsullyk binasyna 1-nji aprelde hüjüm gurapdy, Eýranyň Ynkylap goragçylaryndan 2-si general çinli harby bolan jemi 7 adam ýogalypdy.

Eýran Ysraýylyň konsullyk binasyna hüjüm guramagynyň ýurdunyň territoriýasynyň çäklerine hüjüm guramak manysyna gelýändigini we garşylyk görkezjekdiklerini habar beripdi.

Ysraýyl hem Eýranyň hüjümlerine garşylyk görkezjekdigini beýan edipdi.

Eýran Ysraýyla ýüzlerçe kamikaze uçarmansyz howa ulagy, ballistik we ganatly rekatalar bilen hüjüm gurapdy, käbir harby nyşanalara hüjüm guralandygyny habar beripdi.

Ysraýyl bolsa hüjümleriň aglabasynyň howa goranyş ulgamy tarapyndan öňüniň alynandygyny, emma ýurduň günortasyndaky harby bazalaryň birine raketa degendigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Damaska Howa Hüjümini Gurady
Eýranly Serkerde Siriýada Öldürildi
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawy täzelendi
Ysraýyl Siriýa Howa Hüjümini Gurady