
Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň myhmany hökmünde paýtagt Waşingtona gitdi.
Netanýahunuň şu gün ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff, ertir hem Ak Tamda Tramp bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Waşingtona gitmezinden soň metbugata beýannama beren Netanýahu, Hamasa we Hizbullaha guraýan hüjümleri bilen Ýakyn Gündogaryň gün tertibini üýtgerendigini öňe sürdi we bu karary bilen kartany täzeden çyzandykylaryny aýtdy.
Netanýahu “Prezident Tramp bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde şol kartany has giňeldip biljekdigimize ynanýaryn” diýdi.