Düşünje we deňagramlylyk gaznasy tarapyndan Gaaga şäheriniň Malieweld meýdançasynda geçirilen protest aksiýasyna köp sanda demonstrant gatnaşdy.
Protest aksiýasynda edilen çykyşylarda, Ysraýylyň adam hukuklarynyň düzgünlerini bozýandygy mälim edildi.
Ysraýylyň eden-etdiligine garşy diňe musulmanlaryň däl, eýsem bütin adamzadyň aýaga galmalydygyna ünsleri çeken adamlar, halkara jemgyýetden hem işe girişmäge çagyrdylar.
Palestinanyň we Türkiýäniň baýdaklaryny göteren demonsatrntlar "Palestina azatlyk" ýaly şygarlar aýtdylar.
Gaaga, Utreht, Maastriht we Ternezen şäherlerinde hem Palestina goldaw berilip demonstrasiýalar geçirildi.