Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýyl basyp alyşlyk astynda saklaýan Günbatar Şerianyň Jenin şäherine hüjüm gurady. Öýleriň birine uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde 5 palestinaly ýogaldy.

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA Ysraýylyň goşunynyň Günbatar Şerianyň Jenin şäherine hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Jenin Döwlet hassahanasynyň, Ibn Sina hassahanasynyň, Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň merkeziniň we Jenin bosgun düşelgesiniň gabaw astyna alynandygy aýan edildi.

Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti bolsa Ysraýylyň goşunynyň Jenin şäherinde öýleriň birine uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny, 1 adamyň wakanyň bolan ýerinde ýogalandygyny, 4 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Ysraýylyň goşunynyň Jenin şäherindäki hüjümlerinde jemi 5 palestinaly ýogaldy.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda bolsa Ramallah şäherinde 1 palestinalynyň ysraýylly esgerler tarapyndan öldürilendigi aýan edildi.

Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň harby güýçleri we ýewreý ýaşaýjylar tarapydnan guralan hüjümlerde 237 palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Palestinaly 110 Ýesir Boşadyldy
Ysraýyl Palestinaly 90 Tussaglyny Boşatdy
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
BMG Ysrayýlyň Gazadaky genosidiniň Günbatar Şeriada gaýtalanyp biljekdigini duýdurdy
Erdogan Gün-tertibindäki Möhüm Wakalar Hakynda Beýannama Berdi
Hakan Fidan Adalat we ösüş partiýasynyň Nigdede geçirilen çäresinde çykyş etdi
Ysraýyl Gazada palestinalylara garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär