Ysraýyl Liwanda pajygaly terror hüjümini gurady. Birbada paýtagt Beýrut bilen bilelikde Liwanyň ençeme şäherinde müňlerçe aragatnaşyk enjamy partlady. Umuman Hizbullah tarapyndan ulanylýan aragatnaşyk ulgamyna guralan hüjümden soň häzirki wagta çenli 12 adam ýogaldy, 2800-den gowrak adam ýaralandy. Ysraýylyň howpsuzlyk guramasynyň üpjünçilik ulgamyna sinip, aragatnaşyk enjamlarynyň içine partlaýyjy ýerleşdirendigi we olara signal ugradyp, enjamlary şolbir wagtda partladandygy görülýär.
7-nji oktýabrda Gazada başlan çaknyşyklardan şu günki güne çenli Ysraýyl bilen Hizbullahyň arasynda gözegçilikli harby çaknyşyklar dowam edýärdi.Taraplar wagtal-wagtal agyr hüjümler guran hem bolsalar, doly göwrümli uruşa sebäp boljak göçümlerden gaça durýardylar.
Emma Ysraýylyň Hizbullahyň ikinji adamy Fuat Şüküriň janyna kast edip öldürmeginden soň şertler üýtgemäge başlady.esasanda Hizbullahyň hüjüme degişli gaýtawuly görkezmezligi Ysraýyly hasam batyrgaý çemeleşmäge gönükdirip, netijede büýin Liwany sarsdyran uly hüjüm guramagyna sebäp boldy.
17-nji sentýabr güni günorta sagatlarynda Liwanda birbada müňlerçe partlama boldy. 12 adam ýogaldy, azyndan 2800 adam ýaralandy.Uly howsala we dartgynlyga sebäp bolan terror hüjüminden soň jenaýat gysga möhletde anyklandy we jogapkäriň Ysraýyldygy ýüze çykaryldy.
Operasiýany 8200 adamdan ybaratdygy beýan edilýän we Ysraýylyň ähli howpsuzlyk guramalaryny öz içine alýan ýokary guramanyň geçirendigi mälim.Ysraýylyň howpsuzlyk guramasy birnäçe wagt mundan ozal Hizbullahyň öýjükli telefonlaryna alternatiw hökmünde peýdalanýan peýjerleri almak isleýändigi öwrenilip, Wengriýadan getirilmäge çalşylan, Taýwanda öndürilen “Gold Apolla AR-924 “ kysymly harby tipli peýjerleriň içine 20 grama barabar “PETN” partlaýyjy ýerleşdirýärler.
Soň bolsa radio tolkunlaryndan peýdalanyp, elektrik enjamlar bilen partladýarlar.Peýjerlere Hizbullahyň ştab kwartirasyndan habarnama ugarylan ýaly görkezilip, ulanyjylar enjamlary eline alyp, gözüne ýakynlaşdyran pursadynda partlatmagy meýilleşdirme ähtimallyklary ýokary. Şeýlelikde ulanyjylaryn ýüzünden ýaralanjakdygy, görme ýitgisine sebäp boljak uly zepere sezewar bolmaklary islenipdir.
Aslyna garalanda Ysraýyl Liwany basyp almak isleýän günlerinde Hizbullahyň goranyşyny ejizletmek üçin şol enjamlary partlatmagy maksat edinendigine garamazdan, meseläniň paş bolma ähtimallygy sebäpli hüjümi öňe süýşüren bolmagy mümkin.Netijede Ysraýylyň howpsuzlyk guramasy iňňän uly operasiýa geçirip, Hizbullaha agyr ýitgi çekdirmegiň hötdesinden geldi.
Müňlerçe hizbullahçynyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjüminde çekilen ýitgiler bilen bilelikde Hizbullahyň ýaranlary hem paş boldy.Hüjümde Eýranyň Liwandaky İlçisi hem ýüzünden agyr ýaralandy.
Ysraýyl indi Hizbullah bilen dowam etdirýän harby çekeleşiginiň gözegçiligini dolulygyna ele aldy. Gezek indi Eýranda we Hizbullahda. Retorikany bir gyra goýup, düýpli gaýtawul görkezmese, Ysraýylyň nyşanasy bolmagynda galar. Ysraýyl amalatly şertler ýüze çykan pusadynda Litani derýasyna çenli Hizbullahy saplamak üçin guryýer operasiýasyny başladar.