Ysraýylyň Liwana Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Ysraýylyň Liwana Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Ysraýylyň harby goşuny Liwan bilen hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşygy basgylamaga dowam edýär.

Ysraýylyň ylalaşyga garamazdan 27-nji noýabrdan bäri Liwana garşy 365 hüjüm gurandygy, şol hüjümlerde 33 adamyň ýogalandygy, 37 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Liwanyň NNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýyl, paýtagt Beýruda, Liwanyň günortasynda ýerleşýän Sur we Nebatiýe şäherlerine hüjüm gurady.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri 1106-sy zenan we çaga, 222-i saglygy goraýyş işgäri bolmak bilen azyndan 4 müň adam ýogaldy, 16 müňden gowrak adam hem ýaralandy.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň harby goşunynyň çekilmeginden soň Liwanyň günortasynda Al Hyýam etrapçasynda harabalygyň aşagyndan 21 adamyň jesedi çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
Ysraýyl Liwan bilen gazanylan ýaraşyk şertnamasynyň düzgünlerini bozýar
“Gazada Hüjümler Gyssagly Bes Edilmeli”
Ysraýyl ýaraşygy bozup, Liwanda azyndan dokuz adamy öldürdi
Ysraýyl Günorta Liwanda 22 adamy Öldürdi
ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy