Ysraýylyň Liwana Guraýan Hüjümlerinde 3 Müň 481 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň Liwana Guraýan Hüjümlerinde 3 Müň 481 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri Liwana guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 29 adam artyp 3 müň 481 adama ýetdi.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň guraýan hüjümlerinde çekilen adam pidalary hakynda maglumat berildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň öňňin Liwana guran hüjümlerinde ýene-de 29 adamyň ýogalandygy, 122 adamyň hem ýaralanandygy ýatladyldy.

Beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri Liwana guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 896-sy zenan we çaga, 210-y saglygy goraýyş işgäri bolmak bilen 3 müň 481 adamyň ýogalandygy, 14 müň 786 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Hizbullah bilen 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri çaknyşyklaryny dowam etdirýän Ysraýylyň harby goşuny, 23-nji sentýabrda Liwanyň günortasyndaky şäherler bilen birlikde Bekaa we Baalbek sebitlerine hem howa hüjümini guramaga başlapdy.

Ysraýylyň bombaly hüjümleri sebäpli Liwanda 100 müňlerçe adam öýüni terk etdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 18 Adam Ýogaldy
Gazada 196 Žurnalist Öldürildi
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 50 Adam Ýogaldy
“Gazada Hüjümleriň Gyssagly Bes Edilmegi Üçin Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berýärin”