Ysraýylyň Liwana guran soňky hüjümlerinde asuda ilatdan 7 adam ýogaldy

Ysraýylyň Liwana guran soňky hüjümlerinde asuda ilatdan 7 adam ýogaldy

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň Liwanyň günortasyndaky Taýrdaba şäherçesine guran howa hüjüminde 3 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Liwanyň resmi habarlar agentligi NNA tarapyndan berilen habarda, Ysraýylyň Habbuş şäherçesindäki öýleriň birine guran howa hüjüminde 4 adamyň ýogalandygy we öýüň dolulygyna ýumrulandygy mälim edildi.

Hökümede degişli Gyssagly ýagdaýlar komitetiniň habarnamasynda, Ysraýylyň soňky 24 sagatda aglabasy ýurduň günortasynda bolmak bilen Liwanyň biri-birinden tapawutly sebitlerine 138 howa hüjümini gurandygy aýan edildi.

Habrnamada hüjümleriň başlan gününden bäri guralan howa hüjümleriniň sanynyň 10150-ä ýetendigi beýan edildi.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden düýn berilen beýanatda, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri guran hüjümlerinde 104-i çaga we 194-i zenan bolmak bilen jemi 2 müň 367 adamyň ýogalandyy, 11 müň 88 adamyň hem ýaralanandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Putin Aşgabada bardy. Ukraina Türkmenistany ony tussag etmäge çagyrdy
Prezident Erdogan "Palestinanyň Geljegi" atly maslahatda çykyş etdi
Ysraýyldan Beýruda Guralan Hüjümde 22 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Liwana hüjüm gurady
Hakan Fidan Eýran-Ysraýyl dartgynlygy barada beýannama berdi
Liwanda türk raýatlar ewakuasiýa edilýär