Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 50 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 50 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň Liwanyň gündogarynda ýerleşýän Baalbek şäherine guran hüjüminde asuda ilatdan 50-den gowrak adamyň ýogalandygy, 63 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Liwanyň resmi NNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby uçarlary, Baalbek şäherine we obalaryna 30-dan gowrak hüjüm gurady.

Hüjümlerde zenanlar bilen birlikde 50-den gowrak adam ýogaldy, 63 adam hem ýaralandy.

Habarda, Baalbek we Bekaa şäherlerinde guralan hüjümlerde asuda ilatyň gyrgyna berlendigi ýatladyldy.

3 müň ýyllyk taryhy Baalbek şäheri, BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Liwana Guraýan Hüjümlerinde 3 Müň 481 Adam Ýogaldy
Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 18 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
“Gazada Hüjümleriň Gyssagly Bes Edilmegi Üçin Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berýärin”
Ysraýyl Liwanda Harby Merkeze Hüjüm Gurady
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär