Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 105 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 105 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň harby goşunynyň Liwana guran soňky howa hüjüminde 105 adam ýogaldy, 359 adam ýaralandy.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň guran soňky howa hüjüminde çekilen adam pidasy hakynda maglumat berildi.

Ministrlikden berlen beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň düýn guran howa hüjümlerinde 105 adamyň ýogalandygy, 359 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Liwanly resmilere görä, 17-nji sentýabrdan bäri Ysraýylyň guraýan hüjümlerinde 104-i çaga we 194-i zenan bolmak bilen jemi 1174 adam ýogaldy.

Hizbullahyň lideri Hasan Nasrallah, Ysraýylyň harby goşunynyň 27-nji sentýabrda guran howa hüjüminde ýogalypdy.

Hizbullah bolsa Ysraýyla garşy raketa hüjümlerini guraýar.

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýüz müňlerçe adam öýüni terk etdi.

Ýurduň günortasyndan paýtagt Beýruda we demirgazyga göçýänleriň sany gün saýyn köpelýär.

Liwandan Siriýa on müňlerçe adamyň göçendigi nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyldan Beýruda Guralan Hüjümde 22 Adam Ýogaldy
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Agzalary Ysraýylyň Hüjümleriniň Öňüni Almaga Borçly
Ysraýyl Beýrudy bombalaýar
Ysraýyl Liwana hüjüm gurady
Hizbullah, Ysraýylyň Haýfa Şäherine Hüjüm Gurady
Ysraýylyň hüjüminde ölendigi öňe sürülen serkerde peýda boldy
Ysraýylyň Beýruda guran hüjümlerinde soňky 24 sagatda 37 adam ýogaldy