Ysraýylyň Liwana Guran Hüjüminde 4 Adam Ýaralandy

Ysraýylyň Liwana Guran Hüjüminde 4 Adam Ýaralandy

Ysraýylyň harby goşunynyň Liwanyň günortasynda ýerleşýän Al Mejadil we Şeýhaýn etrapçalaryna guran howa hüjüminde 4 adam ýaralandy.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Sur şäheriniň Al Mejadil etrapçasyna guran howa hüjüminde 3, Şeýhaýn etrapçasyna guran howa hüjüminde hem 1 adamyň ýaralanandygy ýatladyldy.

Liwanyň resmi NNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby goşuny, Sur şäheriniň gündogarynda ýerleşýän Al Mejadil düzlügine uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurady.

Ysraýylyň harby uçarlary hem An Nebatiýe Al Fewka etrapçalaryndaky açyk meýdana howa hüjümini gurady.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Hizbullahyň Baş Sekretary Ysraýyla Hüjüm Gurajakdygyny Beýan Etdi
Liwandan Ysraýyla Hüjüm Guraldy
Ysraýylyň Siriýa hüjüm gurandygy öňe sürüldi
Liwandan Ysraýyla Hüjüm Guraldy
Hizbullah, Ysraýylyň Demirgazygyndaky Harby Merkezlere Hüjüm Gurady