Ysraýylyň Liwana guran hüjüminde 1 adam ýogaldy

Ysraýylyň Liwana guran hüjüminde 1 adam ýogaldy

Liwanyň resmi habarlar agentligi NNA tarapyndan berilen habarda, Ysraýylyň uçarmansyz howa ulagy bilen Günbatar Bekaa sebitindäki Bab Maraa-Sagbin ýolunda barýan motosiklli bir adamy nyşana alyp hüjüm gurandygy, hüjüm guralan mahaly şol ýerden bir ulagyň hem geçip barýandygy mälim edildi.

Atylan raketanyň ady agzalan motosikle we ulaga degip-degmändigi habar berilmedik beýanatda, hüjümde 1 adamyň ýogalandygy, 2 adamyň bolsa ýaralanandygy, ýaralanan adamlaryň bolsa golaýdaky hassahana alynyp gidilendigi aýan edildi.

Ysraýylyň goşuny hüjüm bilen bagly entek beýanat bermedi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady
Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Liwanda aragatnaşyk enjamlarynyň partlamagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy
Ysraýylyň Liwana Guran Hüjüminde 1 Adam Ýogaldy
Ysraýyl, Liwanyň Paýtagty Beýruda Howa Hüjümini Gurady