Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 1200 Adama Golaýlady

Ysraýylyň Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany 1200 Adama Golaýlady

Gazadaki Saglygy goraýyş ministriniň wekili Ýusuf Eburriş “Şehitleriň sany 1200 adama golaýlady, 5 müň adam hem ýaralandy” diýdi.

Eburriş, hüjümlerde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň esasy böleginiň çagalardan, zenanlardan we ýaşulylardan ybaratygyny ýatlatdy.

Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministri Moşa Arbel, hüjümde ýaralanan palestinalylaryň hassahanalarda bejerilmejekdigini beýan etdi.

“Ýediot Ahranot” gazetiniň berýän habaryna görä, Saglygy goraýyş ministri Arbel, düýn agşam Premýer-ministri Binýamin Netanýahuýa ýazan hatarynda, hüjümlerde ýaralanan Hamaslylaryň döwlet eýeçiligindäki hassahanalarda bejerilmezligi barada görkezme berendigini mälim etdi.

Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrligi, Ysraýyl-Palestina çaknyşyklarynyň başlan gününden bäri 7-nji oktýabrdan bäri hassahanalara ýaralanan 3 müň 268 adamyň getirlendigini habar berdi.

Ysraýylyň resmi habarlar gullugy KAN-yň berýän habaryna görä, öldürlen ysraýyllylaryň sany 1200, ýaralananlaryň sany bolsa 2 müň 900 adama ýetdi.

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen beýannamada hem 7-nji oktýabrdan bäri öldürlen esgerleriň sanynyň 220-ä ýetendigi nygtaldy.

Hamasyň harby topary Kassam, şenbe güni ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem ýüzlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
Ysraýyl Şolbir Wagtda Iki Frontda Söweşýär
Jenindäki adamlary zamun alma hadysalary dowam edýär