“Ysraýylyň Hüjümleri Bes Edilýänçä Halkara Derejesinde Çetleşdirilmegi Diýseň Möhüm”

“Ysraýylyň Hüjümleri Bes Edilýänçä Halkara Derejesinde Çetleşdirilmegi Diýseň Möhüm”

Prezident R. T. Erdogan, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň we Arap ligasynyň nobatdan daşary ýagdaýda geçirýän bilelikdäki sammitine gatnaşdy.

Prezident Erdogan sammitde eden çykyşynda, “Ysraýylyň Gazada we Palestinada edýän genosidinde şu günki güne çenli 70-göterimi çagalardan we zenanlardan ybarat jemi 50 müň palestinaly şehit boldy” diýdi.

“Türkiýe şu günki güne çenli Gaza 84 müňden gowrak ynsanperwer kömegini ugratdy. Ynsanperwer kömeginiň öňündäki bökdençlik ortadan aýrylan halatynda biz has köp ynsanperwer kömegini bermäge taýar” diýen Prezident Erdogan, “Ysraýyl ynsanperwer kömeginiň Gaza ýetirilmegini bökdeýär. Ynsanper kömekleri birnäçe aýdan bäri Müsürde garaşýar”diýip belledi.

Erdogan, Günorta Afrika tarapyndan Ysraýyla garşy Halkara Adalat diwanynda gozgalan işe has köp ýurduň goldaw bermegi üiçin tagalla edilmelidigini nygtady.

Prezident R. T. Erdogan, “Ysraýyla ýarag embargosynyň goýulmagy, Ysraýyl bilen söwda gatnaşyklarynyň bes edilmegi we Ysraýylyň hüjümleri bes edilýänçä halkara derejesinde çetleşdirilmegi diýseň möhüm” diýdi.

Prezident Erdoganyň sammitiň çäginde özara duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Siriýa bilen bagly beýanat berdi
Prezident Erdogan Müsüre Gitdi
Ysraýyl Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Howpsuzlygyny Üpjün Edýän Topary Nyşana Aldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Liwandaky we Siriýadaky Goldawyny Dowam Etdirjekdigini Kepillendirdi
Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny