Ysraýylyň hüjüminde ölendigi öňe sürülen serkerde peýda boldy

Ysraýylyň hüjüminde ölendigi öňe sürülen serkerde peýda boldy

Ysraýylyň Liwanyň paýtagty Beýrut şäherinde 4-nji oktýabrda guran hüjüminde ölendigi öňe sürülen Eýranyň Iýerusalim güýjüniň serkerdesi Ismail Kaani, takmynan 2 hepde soň ilkinji gezek Tähran şäherinde peýda boldy.

Eýranyň döwlet telewideniýesinden görkezilen materiallarda, Ismail Kaanini 27-nji sentýabrda Beýrutda Ysraýylyň hüjüminde ýogalan Abbas Nilfuruşanyň Tährana alynyp gidilen jynazasyny garşylamak çäresine gatnaşýarka görüldi.

Garşylymak çäresinde Ismail Kaani bilen birlikde ençeme syýasy we harby resmiler hem gatnaşdylar.

Ismail Kaaniniň Ysraýylyň Beýrut şäherinde Hizbullahyň baş sekretary Hasan Nasrallah bilen Abbas Nilfuruşanyň ýogalan hüjümde nyşana alynandygy öňe sürülipdi. Kaani birnäçe wagt soň Hizbullahyň Tährandaky ofisine baryp görüpdi.

Ondan soň 4-nji oktýabrda Ysraýylyň Beýrut şäherinde öldürilendigi ýa-da ýaralanandygy öňe sürülen Ismail Kaani üçin birnäçe wagt soň, Ysraýyla razwedka maglumatyny syzdyrandygy aýdylyp Eýranyň Ynkylap goragçylary tarapyndan soraga çekilendigi we soraga çekilen mahaly ýüreginden tutup ýogalandygy baradaky öňe sürmeler orta atylypdy.

Ýene degişli makalalar

"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
“Abanýan Howplara Egilşik Etmeris”
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Mahmud Abbas Şu Gün Ankara Geler
Palestinanyň prezidenti Türkiyä sapar gurar
Mahmud Abbas Ertir Ankara Geler