Ysraýylyň Hökümeti Gyrgynçylyk Syýasatyny Alyp Barýar

Ysraýylyň Hökümeti Gyrgynçylyk Syýasatyny Alyp Barýar

Çelik: “Hüjümleriň bes edilmegi bilen hüjümlere ynsanperwer arakesme bermek barada çekeleşik gidýär. Netanýahu ynsanperwer arakesme bermäge hem garşy durýar. Faşistleriň edýänini Ysraýylyň hökümeti gaýtalaýar. Dünýä oňa dur diýmeli. Türkiýäniň kepilligi üçin tagallalar dowam edýär” diýdi.

Ömer Çelik Adalat we ösüş partiýasynyň Merkezi karar we dolandyryjylar geňeşiniň mejlisinden soň geçiren metbugat ýygnagynda Ysraýylyň hökümetiniň gyrgynçylyk syýasatyny alyp barýandygyny beýan edip; “Faşistleriň edenini häzirki wagtda Ysraýylyň hökümeti gaýtalaýar. Dünýä oňa “dur” diýmeli. Ýogsam, umumy adamzadyň, bütin medeniýetiň gazananlary, Ysraýylyň hökümetiniň ýolbaşçylarynyň gyrgynçylyk syýasatynyň aşagynda galar, ýok bolar” diýdi.

Prezident R.T.Erdoganyň ýakyn gelejekde täze diplomatik başlangyçlar etjekdigini aýdan Çelik; “Häzirki wagtda Türkiýäniň teklip eden hüjümleriň bes edilmegi we soň iki döwletli çözgüdiň gazanylmagy üçin kepillik mehanizminiň iş ýüzüne geçirilmegi üçin ýokary derejeli tagalla edilýär. Şeýle hem Daşary işler ministrligimiz we Milli howpsuzlyk guramamyz degişli taraplar bilen mesele boýunça gepleşikler geçirýär, mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy
Ysraýyldan Siriýa Howa Hüjümi Guraldy
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär