“Ysraýylyň Hökümeti Gazany Açyk Howa Tussaghanasyna Öwürdi"

“Ysraýylyň Hökümeti Gazany Açyk Howa Tussaghanasyna Öwürdi"

Prezident R. T. Erdogan, Braziliýada geçirlen G-20-niň liderler sammitiniň öz işini tamamlamagyndan soň metbugata beýannama berdi.

2008-nji ýyldan bäri G-20-niň sammitlerine gatnaşýandyklaryny aýdan Erdogan, “Dünýämiziň şol bir wagdat has köp urşa we gyrgynçylyga sezewar bolan başga döwrü ýadyma düşmeýär.Esasan Gazadaky gytçylyk howpy halkara kesgitlemelere görä betbagtçylyk derejesine ýetdi.

Gazanyň ilatynyň 96 göterimi, ýagny 2 milliondan gowrak adam azyk we agyz suwy ýetmezçiligini başdan geçirýär.Ysraýylyň hökümeti Gazany açyk howa tussaghanasyna öwürdi.Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemek bilen adamzada garşy jenaýat edýär.

Muny diňe biz däl, BMG bilen birlikde birnäçe gurama beýan edýär. 14 aýdan bäri agyr bombaly hüjümleriň astynda bir gap nahar we bir käse suw üçin uly howpy başdan geçirýän çagalaryň gam-gussasyna dymmak bilen syn edýäris.

Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalan 50 müňe golaý palestinalynyň 70 göterimi zenanlardan we çagalardan ybarat” diýdi.

Liwanda gün saýyn möwjeýän howpa hem alada bildirýändiklerini aýdan Erdogan, Gaza ynsanpwer kömeginiň ýetirilmeginiň öňündäki bökdençiligiň ortadan aýrylmagy üçin dünýä liderlerine ýene-de bir gezek çagyryş berdi.

Erdogan “Biziň hiçbir ýurt bilen, halk bilen, ynanç bilen hiç hili kynçylygymyz ýok. Biz gyrgynçylyk edýänlere we gyrgynçylyga garşy durýarys. Biz basyp alyşlyga we alyp barýan basyp alyşlyk syýasaty bilen sebiti durnuksyzlaşdyrýanlara garşy durýarys” diýip belledi.

Ysraýyla ýaragyň we harby enjamyň satylmagynyň bes edilmegini talap edýän hatlarynyň 52 ýurt we 2 halkara guramanyň goly bilen BMG-nyň resminamasy hökmünde çap edilendigini ýatladan Erdogan “Palestin döwletiniň has köp ýurt tarapyndan ykrar edilmegi bu döwürde diýseň möhüm” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Çanakaýa Köşgünde Geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Wengriýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
“Bu Asyr Türk Dünýäsiniň Asyry Bolar”
Erdogan: "Trampdan ozalky dolanşygyň ýalňyşlyklaryndan ýüz öwürmegine garaşýarys" diýdi
Erdogan Braziliýada Özara Duşuşyklar Geçirýär