Ysraýylyň “Hermes 900” Kysymly Uçarmansyz Howa Ulagy Urlup Düşürildi

Ysraýylyň “Hermes 900” Kysymly Uçarmansyz Howa Ulagy Urlup Düşürildi

Ysraýylyň harby goşunyna degişli “Hermes 900” kysymly uçarmansyz howa ulagynyň Liwanyň günortasynda urlup düşürlendigi habar berildi.

Liwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Liwanyň howa giňişligine giren Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulagy, ýurduň günortasyndaky Reýhan etrapçasynda urlup düşürildi.

Uçarmansyz howa ulagynyň Hizbullah tarapyndan urlup düşürlendigi nygtaldy.

Hizbullah tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen ýazmaça beýannamada, uçarmansyz howa ulagynyň gury ýerden atylan raketa arkaly Liwanda urlup düşürlendigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
Atatürki Hatyralama, Ýaşlar we Sport Baýramy Nýu-Ýorkda Bellenilip Geçildi
Atgulak dermanlyk ösümlik
Türkmen gimnastikaçylary halkara ýaryşda 29 medala eýe boldular