Ysraýylyň Kanal 12 telewideniýe kanalynda berilen habarlarda, Ysraýylyň gepleşiklere taýardygy, gepleşikleriň gün tertibinde boljak toparyň bolsa syrkawlary, ýaralananlary, ýaşulylary we zenanlary öz içine aljakdygy mälim edildi.
Habarda geljek hepde täze ylalaşyk gazanyp bolmajakdygyny, emma Ysraýylyň Hamasa basyş etmek üçin täze bir tapgyr başlatmak isleýändigi öňe sürüldi.
Habarda ady aýan edilmedik ýokary derejeli resmileriň biriniň "täze şertnamalaryň baglaşylmagy üçin şertler ýeterlik" diýendigi aýan edildi.
Resmi Mossad-yň şefi Dawid Barneanyň araçylaryň aýtjaklaryna gulak asmak üçin täze görkezmeler alandygyny öňe sürüp: "Katarlylar gürleşmek isleseler diňläris" diýip aýtdy.
Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän çaknyşyklara 4 gün "ynsanperwer arakesme" berilmegini öz düzüminde jemleýän ylalaşyk 24-nji noýabr anna güni güýje giripdi we ylalaşygyň möhledi ondna soň 3 gün uzadylypdy.
Ýesir çalşygynyň çäginde Gaza sektoryndan ysraýylly 81 ýesir, Ysraýylyň tussaghanalaryndan palestinaly 240 ýesir azat edilipdi.