Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 29 Palestinaly Ýogaldy

Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 29 Palestinaly Ýogaldy

Ysraýylyň harby goşunynyň düýn agşam Gaza Sektorynda guran hüjümlerinde 29 palestinaly öldürildi

Ysraýyl düýn gije Gazanyň demirgazygyndaky Jibaliýa bosgun düşelgesini, günortadaky Han Ýunusy we şäheriň merkezindäki Nusaýrat bosgun düşelgesini bombalamaga dowam etdi.

Kemal Adwan hassahanasynyň berýän maglumatyna görä, Jibaliýanyň Al Faluja etrapçasynda bir öýe guralan hüjümde 4, Gaza şäherinin Az-Zeýtun etrapçasynda Ad-Dahduh maşgalasynyň öýüne guralan hüjüminde bolsa 3 palestinaly ýgoaldy.

Palestinanyň WAFA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä bolsa Han Ýunusyň Beni Süheýle etrapçasynda öýlerini terk edenleriň bolýan düşelgesinde 10, Al Fuhari etrapçasynda bolsa 7 adam Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýogaldy.

Nusaýrat bosgun düşelgesiniň günbatarynda bir öýe guralan hüjümde bolsa 5 palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Howpsuzlygyny Üpjün Edýän Topary Nyşana Aldy
Gaza zolagynda ot açmazlyk baradaky ylalaşyk güýje girdi
Ysraýylyň gaçybatalga guran hüjüminde 4 çaga öldi, köp sanly adam ýaralandy
Ysraýylyň soňky howa hüjümlerinde azyndan 12 palestinaly öldürildi
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza Hüjümleri Dowam Edýär
Ýemendäki Husiler Ysraýyla Hüjüm Gurady