Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy

Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy

Gaza Sektorynyň günortasynda ýerleşýän Refah şäherinde ylalaşyga garamazdan Ysraýyl tarapyndan düýn guralan hüjümlerde 20-den gowrak palestinaly ýogaldy.

Gazadaky hökümet tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň ylalaşygy basgylamaga dowam edýändigi nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň guran soňky hüjümlerinde 20-den gowrak palestinaly ýogaldy, köp sanly adam ýaralandy we zamun alyndy.

Gazadaky hökümetiň görkezijilerine görä, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda 19-njy ýanwarda hüjümleriň bes edilmegi we ýesir çalşygy maksady bilen gazanylan ylalaşyga garamazdan şol günden bäri 92 palestinaly ýogaldy, 822 adam ýaralandy.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýaryndan 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli Gaza Sektoryna guran hüjümlerinde 61 müňden gowrak palestinaly ýogaldy.

Ýogalanlardan14 müňden gowragynyň harabalygyň aşagynda galanlarydygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
Ysraýylyň harby goşunynyň Günbatar Şeriadaky hüjümleri köpçülikleýin göç edilşige sebäp boldy
Hüjümleriň bes edilmeginden bäri Ysraýyl Gazada azyndan 118 palestinalyny öldürdi
Ysraýyl Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Berilmegini Bökdeýär
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Gazalylar Öýlerine Dolanýar