
Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektorynyň merkezine we günortasyna guran hüjümlerinde ýene-de 16 palestinaly ýogaldy.
Gaza Sektorynyň merkezinde ýerleşýän Deý Al-Belah şäherinde ýerleşýän Aksa şehitleri keselhanasynyň berýän maglumatyna görä, Ysraýylyň harby goşunynyň uçarmansyz howa ulaglary bilen şäheriň gündogaryna guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy.
Gaza Sektorynyň merkezinde ýerleşýän Nuseýrat bosgun düşelgesindäki Al Saidi maşgalasynyň öýüne guralan hüjümde bolsa 1-i çaga 6 palestinaly ýogaldy.
Gazanyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunus we Refah şäherlerine guralan hüjümde hem 6 palestinalynyň ýogalandygy ýatladyldy.