Ysraýylyň goşunynyň Gazadaky soňky hüjüminde asuda ilatdan azyndan 30 palestinaly ýogaldy

Ysraýylyň goşunynyň Gazadaky soňky hüjüminde asuda ilatdan azyndan 30 palestinaly ýogaldy

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen habara görä, Gaza zolagyna garşy hüjümler 83 gün bäri dowam edýär.

Ysraýylyň harby güýçleriniň Gaza zolagynyň demirgazygyndaky Beýt Lahiýa şäherçesinde asuda ilatly ýerlere garşy guran hüjüminde azyndan 30 palestinaly ýogaldy.

Haýreddin, Al-Kurd we Al-Kadi maşgalalaryna degişli öýleriň bombalanan hüjümlerde, žurnalistler Muhamemd Haýreddin we Ahmed Mahir Haýreddin hem ýogaldy.

Ysraýylyň goşunynyň düýn agşamdan bäri Gazanyň orta zolagyna guraýan hüjümlerinde köp sanda palestinaly öldürildi.

Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda "Aksa Tupany" ady bilen Ysraýyla garşy giň gerimli hüjüm başladandygyny beýan edipdi.

Ysraýylyň goşuny hem şoňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" ady bilen operasiýa başladandygyny mälim edipdi.

Başdan geçirilýän dartgynlykda aglabasy çaga bolan 21 müň 100-den gowrak palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ýakyn Gündogarda Saparda Bolar
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Saud Arabystanyna Bardy
Gazada ýene-de bir metbugat işgäri öldürildi
“Refah Şäherine Gury Ýer Hüjümini Gurap Bileris”
Abu Ubeýde: "Ysraýylly ýesirleriň aglabasynyň ykballary näbelli" diýdi
Ysraýylyň Gaza sektoryndaky gyrgynçylyklary dowam edýär
Ysraýylyň goşuny Gazada asuda ilatly ýerleri nyşana alýar