Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady

Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady

Sebitdäki şaýatlaryň habar bermegine görä Ysraýylyň harby uçarlary Liwanyň günortasyndaky Zibkin, Aş-Şaaýtiýe, Klaýla, Mejdel Zon, Hanniýýe we Taýr Harfa etrapçalaryndaky 17 aýry nokada hüjüm guradylar.

Liwanyň resmi habarlar agentligi esasan hem Klaýla etrapçasyndaky ekin meýdanlarynda we binalarda uly zyýanyň çekilendigini habar berdiler.

Bint Jubeýl şäheriniň üstünde hem Ysraýyla degişli dronlar uçuş amala aşyrdylar, Aýta aş-Şaab we Ramiýa etrapçalarynda hem Ysraýyl tarapyndan ýaraglar bilen ot açyldy.

Ysraýylyň goşuny gije X platformasyndan beren beýanatynda, harby uçarlaryň Harby razwedka edarasynyň görkezimesine laýyklykda Liwanyň günortasyndaky Sur şäheriniň Joýa diýilýän ýerinde "Hizbullaha degişli ýarag önümçilik desgasyna hüjüm guralandygyny" belledi.

Mundan başgada Nebatiýýe, Mansuri we Kefr Kella sebitlerinde guramanyň merkezilerine we harby binalaryna howa hüjümleriniň guralandygy aýdyldy.

Ysraýylyň goşuny bilen Hizbullahyň arasynda 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri Liwanyň günortasynda dowam edýän çaknyşyklarda Hizbullahyň 434 agzasy ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Türkiýe bilen Eýran Serhetleriň Howpsuzlygy Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
Ysraýyl Liwanyň günortasyna hüjüm edýär
Şahyr Akmyrat Rejebow halkara terjime bäsleşiginiň baýragy bilen sylaglandy
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Rami Kitaphanasy Dabaraly Ýagdaýda Açyldy