Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanatda: "Ýaragly güýçlerimiz soňky 24 sagatda howpsuzlyk güýçlerine howp emele getirýändigi çak edilýän, şübhe astynda bolan adamlara garşy giň gerimli operasiýa geçirildi" diýip habar berildi.
Beýanatda Gaza zolagynyň tapawutly ýerlerinde "şübhe astyndakylaryň" Ysraýylyň ýaragly güýçlerine tarap hereket edip, howp emele getirendigi, köp sanda hadysanyň başdan geçirilendigi öňe sürülip, esgerleriň şol adamlara ot açandygy beýan edildi.
Ysraýyl goşunynyň düýn agşam Gaza zolagynda at arabasyny nyşana alyp guran hüjüminde bir gyz çaganyň öldürilendigi we asuda ilatdan 3 adamyň ýaralanandygy habar berilipdi.
Ysraýylyň Gaza zolagyna 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan başlap, ýaraşygyň güýje giren 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli guran hüjümlerinde, takmynan 17 müň 841-i çaga, 12 müň 298-si zenan bolmak bilen jemi 47 müň 283 palestinaly ýogaldy, 111 müň 472 palestinaly ýaralandy.
Ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň aşagynda häzirki wagtda hem ýogalan ençeme adamyň jesediniň bardygy, halkyň sygynan hassahanalaryň we bilim ojaklarynyň hem nyşana alynyp, raýat infrastrukturasyna zeper ýetirilendigi mälim edildi.
Hamas bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan ýaraşyk ylalaşygy 19-njy ýanwarda Türkiyäniň wagty bilen sagat 12:15-de güýje giripdi.