Ysraýylyň goşuny Gazada asuda ilatly ýerleri nyşana alýar

Ysraýylyň goşuny Gazada asuda ilatly ýerleri nyşana alýar

Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza garşy soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde ýene-de 100-den gowrak palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň harby güýçleriniň Jibaliýe bosgun düşelgesine guran hüjüminde köp sanda palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň harby uçarlary we tanklary Gazanyň merkezindäki Al-Bureýj düşelgesine hüjüm gurady.

Ysraýyl Gaza sektorynyň Refah şäherine garşy hüjümlerini hem dowam etdirýär.

Gazada hiç bir halkara hukugy ykrar etmeýän, adamzada garşy jenaýat edýän Ysraýylyň goşuny Han Ýunus şäherinde ýerleşýän Emel hassahanasynyň töweregine artilleriýa degişli toplary bilen hüjüm gurady.

Ysraýylly esgerler bilen Hamasyň harby şahasy Izeddin al-Kassam toparynyň arasynda Han Ýunus şäherinde güýçli çaknyşyklar başdan geçirilýär.

Ysraýylyň goşunynyň Han Ýunus şäherinde guran hüjüminde aralarynda çagalar we enanlar hem bolan 20 palestinaly ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.

Ysraýylyň goşuny harby uçarlary we artilleriýeasy bilen Gaza sektorynyň merkezindäki Al-Megazi bosgun düşelgesi bilen Al-Masdar sebitinde köp sanda öýe hüjüm gurady.

Az-Zawaida sebitine hem artilleriýa we howa hüjümüleirniň guralýandygy mälim edildi.

Ysraýylyň goşuny takmynan 3 aý bäri dowam etdirýän hüjümlerinde Gaza sektoryna 65 müň tonna partlaýjy atandygy mälim edildi.

Gazadaky hökümet Ysraýylyň halkara derejede gadagan edilen 9 bomba we raketa görnüşini ulanandygynyň tassyklanandygyny habar berdi.

Gaza sektoryndaky ynsanperwer ýagdaý bolsa günsaýyn erbetleşýär.

ÝUNISEF Gazada ynsanperwer apatyň başdan geçirilip bilinjekdigi barada duýduryş berdi. ÝUNISEF Gazada wagtyň azalýandygyny we köp sanda çaganyň ýiti iýmit ýetmezçiligine duçar bolýandygyny aýan etdi.

Hamasyň “Kassam” atly ýaragly topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli operasiýa başladypdy.

Ysraýylyň harby goşuny hem Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladypdy.

Ysraýylyň Gaza garşy 7-nji oktýabrdan bäri dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 22 müň 300 adamdan geçdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Halkara Guramalara Reaksiýa Bildirdi
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
“Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Rugsat Bermeris”
Ysraýyl Gazada 27 Günde 1200-den Gowrak Palestinalyny Öldürdi