
Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen habara görä Ysraýylyň goşuny Gazanyň gündogarynda ýerleşýän Tuffah etrapçasynda öýleriň birini bombalady. Hüjümiň netijesinde 1-i çaga, 1-i zenan jemi 3 adam ýogaldy.
Ysraýylyň harby ulaglary Gaza zolagynyň ortasyndaky Bureýj bosgun düşelgesiniň gündogaryndaky palestinalylara degişli öýe ot açdylar. Hüjümleriň netijesinde ýaralanan palestinalylar Deýr al-Belah şäherindäki Aksa şehitleri hassahanasyna alynyp gidildiler.
Nusaýrat bosgun düşelgesiniň demiragzyk-günbataryndaky Gaza jülgesi köprüsine we onuň töweregine Ysraýyla degişli harby gaýyklar tarapyndan hüjümler guraldy, harby uçarlar hem düşelgäniň Salahaddin köçesinde ýerleşýän öýe hüjüm gurady.
Zeýtun, Tel-al-Hawa etrapçalary hem Ysraýylyň artilleriýa birikmeleri tarapyndan bombalandy. Gaza zolagynyň günortasyndaky Han Ýunus we ortasyndaky Deýr al-Belah şäherleri hem Ysraýylyň harby uçarlary tarapyndan bombalandy.
Gazanyň demirgazygyndaky Beýt Lahiýa etrapçasynyň gündogarynda ýerleşýän Şeýh Zaýid binalarynyň töweregine we Rafah şäheriniň günbataryndaky sebitlerede gijäniň dowamynda hüjümler guraldy.