Ysraýylyň Goranmak Ministrligi Bujetiniň Artdyrylmagyny Talap Etdi

Ysraýylyň Goranmak Ministrligi Bujetiniň Artdyrylmagyny Talap Etdi

Ysraýylyň Goranmak ministrligi, Eýrana garşy guralyp bilinjek hüjüme taýarlyk görmek maksady bilen bujetiniň artdyrylmagyny talap edendigi habar berdildi.

KAN teleýaýlymynyň howpsyzlyk güýçlerine esaslanýan habarynda, Goranmak ministrliginiň 2023-2024-nji ýyllar üçin bujetiniň 12 göterim 10 milliard şekel ýagny 2,8 milliard dollar artdyrylmagyny talap edendigi nygtaldy.

Habarda, Goranmak ministrliginiň Eýrana garşy guralyp bilinjek hüjüme taýarlyk görmek maksady bilen bujetiniň artdyrylmagyny talap edendigi emma bu mukdaryň aşa köpdügi ýatladyldy.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň täze guran şäriklik hökümeti Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüniň alynmagyny maksat edinýär.

Ysraýylly ýolbaşçylar geçen ýyl hem harby goşunyň Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüniň alynmagy üçin hüjüm guramak boýunça taýarlyk görýändigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Agzalary Ysraýylyň Hüjümleriniň Öňüni Almaga Borçly
Jenindäki adamlary zamun alma hadysalary dowam edýär