Ysraýylyň Goranmak Ministri Wezipesinden Boşadyldy

Ysraýylyň Goranmak Ministri Wezipesinden Boşadyldy

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Goranmak ministri Ýoaw Gallandy wezipesinden boşatdy.

Premýer-ministrlikden berlen ýazmaça beýannamada, Gallandyň wezipesinden boşadylandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Netanýahunyň Gallanda bolan ynamym galmady” diýendigi bellenildi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Gallandyň ýerine Goranmak ministri hökmünde Daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän Katsyň bellenendigini mälim etdi.

Netanýahu bilen Gallandyň arasynda uly düşnüşmezligiň bardygy bilinýärdi.

Ysraýylyň Premýer-ministri ozal hem Gallandy wezipesinden boşatmak isläpdi, emma protest ýörişleri sebäpli kararyndan ýüz öwüripdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Halkara Jenaýat Kazyýeti Netanýahuny we Galanty tussag etmek barada karar kabul etdi
“Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Rugsat Bermeris”
Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi
ABŞ Netanýahu sebäpli Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy kanun taslamasyny
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy